UFC-de uly söweşler: Wolkanowski – Lopes we Çendler – Pimblett tutluşygy yglan edildi

  • 21.02.2025 11:34
  • 10k+

UFC promouşeni UFC 314 ýaryşynyň esasy söweşlerini yglan etdi. Söweş agşamy 14-nji aprelde Maýamide (Florida) geçiriler.

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt ýarym ýeňil agram derejesinde häzirki çempion ispan-gruziýaly söweşiji Iliýa Topuriýanyň öz titulyny boşatmak we ýeňil agrama geçmek kararyna gelendigini habar berdi.

“Topuriýa bu diwizionda gazanyp bilen zadynyň ählisini gazanandygyna we öz mirasyny berkidendigine ynanýar, ýöne onuň bedeni indi bu agramy göterip bilmeýär. Şonuň üçin Topuriýa ýeňil diwiziona geçer. Ol ýarym ýeňil agramda çempion titulyndan ýüz öwrer” – diýip, Uaýt X sosial ulgamynda ýazdy.

Şunuň bilen baglylykda erkin bolan titul ugrunda UFC-niň öňki çempiony awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bilen Braziliýanyň wekili Diego Lopes göreşer.


Wolkanowski öz guşagyny 2024-nji ýylyň fewral aýynda, Topuriýadan nokaut arkaly ýeňlip ýitirdi. Lopes 2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda bolan soňky söweşinde emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Braýan Ortegany ýeňdi.
Agşamyň ýene bir esasy söweşinde ýeňil agramda titula öňki dalaşgär Maýkl Çendler angliýaly Peddi Pimblett bilen duşuşar.


Çendler soňky bäş söweşinde diňe bir ýeňiş gazandy we häzir iki ýeňlişden ybarat tapgyrda barýar, ol Dastin Porýeden we Çarlz Oliweýradan ýeňildi.
Pimblett geçen ýylyň iýul aýynda UFC-de altynjy ýeňşini gazandy, ol birinji raundda demikdiriiji usul bilen Bobbi Grinden üstün çykdy.
Ýarym ýeňil agramda ýene bir gyzykly tutluşyk geçiriler – meksikaly Ýair Rodriges UFC-de ilkinji gezek çykyş edýän, Bellator-yň öňki çempiony braziliýaly Patrisio “Pitbul” Freýre bilen söweşer.


22.06.2026 14:40
4.2k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....