Leon Edwards Londondaky UFC ýaryşynyň esasy söweşinde Şon Bredi bilen duşuşar

  • 21.02.2025 08:15
  • 3.5k+

Ýarym orta agram derejesinde (77 kg çenli) UFC-niň çempion titulynyň öňki eýesi angliýaly Leon Edwards indiki söweşini UFC-niň öňdebaryjy söweşijileriniň biri bolan amerikaly Şon Bredi bilen geçirer. Olaryň söweşi 22-nji martda Londonda geçiriljek UFC Fight Night 255 ýaryşynda bolar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Bu söweş agşamyň esasy wakasyna öwrüler. Aslynda Leonyň garşydaşy awstraliýaly Jek Della Maddalena bolmalydy, ýöne guramaçylar ony ýarym orta agramda UFC-niň häzirki çempiony amerika-palestinaly Belal Muhammada garşy goýdy.
Mançesterde (Angliýa) geçirilen UFC 304 ýaryşynda bolan soňky söweşinde Edwards emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Belal Muhammaddan ýeňildi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......