UFC-niň çempiony Belal Muhammadyň indiki garşydaşy belli boldy

  • 21.02.2025 08:13
  • 4.5k+

Ýarym orta agram derejesinde UFC-niň çempiony Belal Muhammadyň indiki garşydaşy Jek Della Maddalena boldy. Olar 11-nji maýda Kanadanyň Monreal şäherinde geçiriljek UFC 315 ýaryşynda duşuşar.

Ilkibaşda Maddalena 22-nji martda Londonda geçiriljek UFC Fight Night 255-de Leon Edwardsa garşy söweşmelidi.
Muhammadyň soňky söweşi 2024-nji ýylyň iýul aýynda UFC 304-de Leon Edwards bilen boldy. Bu söweşde Belal Muhammad emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde ýeňiş gazanyp, ýarym orta agram derejesinde UFC-niň çempion titulyny gazandy. Muhammadyň hasabynda 24 ýeňiş we üç ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy.
Maddalena soňky gezek oktagona 2024-nji ýylyň mart aýynda UFC 299-da Gilbert Býornsa garşy çykdy. Üçünji raundda togtadylan söweş Jekiň peýdasyna nokaut arkaly tamamlandy. Onuň hasabynda 17 ýeňiş we iki ýeňliş bar.


22.05.2026 07:07
5.7k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9.6k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

17.05.2026 23:54
11k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....

10.05.2026 11:39
13k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......