Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

  • 20.02.2025 14:07
  • 6.3k+

18-nji fewralda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň oýunlary tamamlandy. Onda 14 ýaşly Jahan Rejepowa zenanlaryň arasynda çempion bolup, Türkmenistanyň taryhynda küşt boýunça iň ýaş çempion adyny aldy. Ýaryşlar Aşgabat şäherindäki Küşt-şaşka mekdebinde geçirildi.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, tälimçi Zumrat Açilowanyň elinde türgenleşýän türkmenabatly ýaş zehin mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk gazandy.
Ikinji orny 8,5 utuk bilen Ogulsuraý Baýramowa eýeledi. Üçünji orna bolsa 7,5 utuk bilen Leýla Şöhradowa mynasyp boldy.

Açyk derejede çempionlygy Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 20 ýaşly talyby Wepaly Halynyýazow aldy. Ol 7,5 utuk toplady. Bu derejede 19 ýaşly Leýla Şöhradowanyň ýaryşa gatnaşan ýeke-täk zenan bolup, erkekleriň arasynda 7 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orna bolsa Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew mynasyp boldy.
Çempionatyň jemleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi kesgitlenildi. Bu ýygyndy topar ýakyn wagtda Gazagystanda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek halkara ýaryşlarda ýurduň adyndan çykyş eder. Toparyň düzüminden zenanlar we açyk derejede baýrakly orunlary eýelän türgenler, şeýle-de grossmeýster Meýlis Annaberdiýew we Saparmyrat Atabaýew orun aldy.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......