Dünýä boýunça iň meşhur awtoulag reňkleri atlandyryldy

  • 17.02.2025 23:25
  • 9.7k+

Düýbi Germaniýada ýerleşýän «BASF» himiýa konserniniň bilermenleri geçen ýylyň jemlerine esaslanyp, awtoulag bazaryndaky iň meşhur reňkleri kesgitlediler. Geçen ýyllarda-da bolşy ýaly, üç esasy reňk dünýä derejesindäki üýtgewsiz öňdeligini saklamaga dowam edýär. Emma hromatiki reňkleriň arasyndaky modanyň yzygiderli üýtgeýär.

Bütin dünýä boýunça ak reňkiň paýy 34%-e deň. Ondan soňra bolsa gara (22%) we çal (17%) reňkler gelýär. Beýleki bir nusgawy reňk bolan kümüşsöw bolsa bazaryň 8%-ini eýeleýär.
Hromatiki reňkleriň arasynda 7% paýy bilen iň meşhur reňk gökdür. 2024-nji ýylda ulaglaryň 4%-i gyzyla, 2%-i bolsa ýaşyla boýaldy. Analitikleriň bellemegine görä, indi sary reňk öňküsinden iki esse diýen ýaly has meşhur. Ýöne şonda-da onuň bazardaky paýy 1,5%-den hem geçmeýär.
Sebitlere görä reňkleriň meşhurlygy:

  • Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika: bu sebitlerde ulaglaryň 27%-i ak, 22%-i çal reňkde. Hromatiki reňkleriň arasynda bolsa iň meşhury gök (9%).
  • Amerika: alyjylaryň 29%-i ak, 20%-i bolsa gara we çal reňkli ulaglary saýlaýar. Gök reňk bu ýerde-de 9% bilen öňdeligi saklaýar.
  • Aziýa-Ýuwaş umman sebitleri: bu ýerlerde ak reňk has-da meşhur – 38%. Gara reňkli ulaglaryň paýy bolsa 24%. Hromatiki reňkler boýunça gök reňk bu ýerde-de 5% paýy bilen öňdeligi eýeleýär.
şu gün 08:16
1.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
2.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......