"Endamyňy digledýän ses": Täze Bugatti Tourbillon giperkary 1775 at güýjüni aldy

  • 13.02.2025 12:32
  • 5.5k+

Bugatti kompaniýasynyň baş müdiri Mate Rimak kompaniýanyň «Tourbillon» atly täze giperkaryny görkezdi. Ol 2025-nji ýylyň iň şowhunly täzelikleriniň biri bolmaga eýýämden taýyn. Ulagyň 1775 at güýjündäki V16 hereketlendirijisi gibrid ulgam bilen utgaşyp, synaglardaky sesi bilen göreni haýran galdyrdy. Mate Rimak bu hereketlendirijiniň näderejede «özboluşlydygyna» hatda öz toparynyň hem entek doly düşünmeýändigini aýtdy diýip, «Top Gear» neşiri habar berýär.

Oýlanyşykly gurluşy sebäpli, V16 hereketlendirijisiniň her aýlawynda dört gezek ot alma hadysasy bolup geçýär. Bu bolsa güýçli sesleri – adamyň ruhuny göterýän simfoniýany döredýär. Turbinaly W16 hereketlendiriji bilen işleýän «Chiron» modelinden tapawutlylykda, «Tourbillon» – atmosferiki hereketlendiriji bilen gibrid tehnologiýalaryň utgaşmasydyr.
«Tourbillon» bary-ýogy 2 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetip bilýär, iň ýokary tizligi bolsa 445 km/sag. Şeýle güýçli dinamika ony iň güýçli ýol awtoulaglarynyň hataryna goşýar.
Awtoulagyň resmi tanyşdyrylşyna wagt bar hem bolsa, häzirden belli anyk bir zat bar: bu giperkar taryha ýazylar.

şu gün 14:05
72

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.4k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
2.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......