Alymlar ultrases arkaly elektrik energiýasyny howa boýunça gönükdirmegi öwrendiler

  • 12.02.2025 23:53
  • 4.6k+

Ispaniýaly, finlýandiýaly we kanadaly alymlar topary ilkinji gezek ultrases tolkunlaryny ulanyp, elektrik uçgunlaryny nädip gönükdirmelidigini görkezdiler. Açyş atmosfera ylmyndan başlap, biolukmançylyga çenli tehnologiýalara bolan çemeleşmeleri üýtgedip biler diýip, Overclockers neşiri ýazýar.

Täze usul uçgunlaryň daş-töweregiň howasyny gyzdyryp, pes dykyzlykly ýerleri döredýändigine esaslanýar. Howa gyzdyrylanda giňelýär we ultrases tolkunlary ony ýokary ses amplitudaly ýerlere gönükdirýär. Bu uçguna has ýeňil howanyň yzyna düşmäge mümkinçilik berýän ýoly döredýär.
Taslamanyň esasy hünärmeni doktor Asýer Marzo uçgunlary howpsuz dolandyrmak usulynyň bir ýyldan gowrak synagdan soň işlenip düzülendigini aýtdy. Lazer tehnologiýalaryndan tapawutlylykda, ultrases göze we derä howp salmaýar, ulanmaga has ygtybarly we amatly edýär.
Alymlar tehnologiýanyň maýyplar üçin taktil stimullar ýaly, aragatnaşyksyz ulgamlary döretmekde esas bolup biljekdigine ynanýarlar. Biologiýada ony bakteriýalary öldürmek üçin ulanyp bolar, şeýle hem ol ýokary woltly elektronikada peýdaly bolup biler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....