Toyota RAV4 40 ýyldan gowrak wagtdan soň F-150-den ABŞ-da iň köp satylan awtoulag adyny almagy başardy, ýöne uzak begenip bolmady. Çünki, awtoulagda näsazlyk ýüze çykaryldy we ýapon awtoöndürijisi uly göwrümli yzyna gaýtaryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu 2019-njy ýylyň awgust aýyndan 2022-nji ýylyň noýabr aýy aralygynda çykarylan modellere täsir edýär.
Mesele awtoulagyň hereket ugrunyň durnuklylyk ulgamynyň (VSC) işindäki ýalňyşlyk boldy – ol ruluň öwrüm burçunyň datçiginden alynýan maglumatlary nädogry işleýär. Bu hereket wagty ulgamyň dogry işlemezligine getirip, netijede awtomobil gözegçiliginiň ýitmek howpuny döredýär we heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Resmi diler merkezlerinde Toyota bu näsazlygy VSC dolandyryş ulgamynyň bloguny gaýtadan programmirlemek arkaly çözýär. Kompaniýa degişli awtoulaglaryň eýelerini gijikdirmezden serwise gitmäge we mümkin boldugyndan tiz degişli bejeriş işlerini geçirmäge çagyrýar. Kemçilik mugt düzediler.