Toyota RAV4 ABŞ-da iň köp satylan ulag boldy, Ford 40 ýyldan soň liderligini ýitirdi

  • 10.02.2025 09:45
  • 6.8k+

40 ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ-da iň köp satylan awtoulaglaryň sanawynda birinji orny Ford F-150 eýeleýärdi, ýöne 2024-nji ýylda bazaryň lideri üýtgedi we onuň ornuna Toyota RAV4 geçdi.

Jato Dynamics kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl F-150-niň satuwy 5% azalyp, 460 915 awtoulag boldy. Şol bir wagtyň özünde Toyota RAV4-üň satuwy 9% ýokarlanyp, 475 193 birlige barabar boldy. Bu hem oňa ençeme synanyşykdan soň, ahyrynda F-150-den öňe geçmäge mümkinçilik berdi. 2023-nji ýylda Ford F-150 42-nji gezek ýylyň iň köp satylan awtomobili bolupdy.
Liderleriň üçlügini 402 791 satylan awtomobil görkezijisi bilen (2023-nji ýyla garanda +11%) Honda CR-V krossoweri jemledi.
Şeýle-de, ilkinji bäşlige Tesla Model Y (372 613 satylan awtomobil, -3%) we Chevrolet Silverado 1500 (344 022 birlik, -2%) girdi.
2024-nji ýylyň jemi boýunça ABŞ-da iň köp satylan awtoulaglaryň ilkinji onlugyndan şular hem orun aldy: Toyota Camry (309 875 birlik, +7%), Toyota Corolla (283 098 birlik, +22%), Nissan Rogue (245 724, -7%), Honda Civic (242 005, +21%) we GMC Sierra 1500 (216 248, +11%). 


16.06.2026 09:57
5.4k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....