Huawei kompaniýasy FreeArc simsiz nauşnigini tanyşdyrdy

  • 11.02.2025 14:41
  • 2.6k+

Huawei kompaniýasy Ýaponiýada täze FreeArc simsiz nauşnigini tanyşdyrdy. Adaty simsiz nauşniklerden tapawutlylykda FreeArc açyk gurluşly bolup, ol gulagyň üstünden dakylýar. Ergonomiki gulak ýaýy onuň gulaga ygtybarly oturmagyny üpjün edýär diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär.

Nauşnigiň korpusy titan-nikel splawyndan we derini gyjyndyrmaýan silikon materialdan ýasalan. Bu materiallar aerokosmiki we lukmançylyk pudaklarynda giňden ulanylýar. Çydamlylyk synaglaryna görä, nauşnik 20 müňden gowrak epilmä çydamly bolup, 5 ýyla çenli öz formasyny üýtgetmän saklap bilýär.
Huawei FreeArc nauşnigi Huawei C-bridge bilen baglanyşýan iki bölekden ybaratdyr. Nauşnigiň batareýasy onuň ses çykaryjy «akustiki top» diýilýän böleginiň yz tarapynda ýerleşdirilendir.

Her bir modul 17 × 12 mm ölçegli, duýgurlygy ýokary dinamika bilen enjamlaşdyrylandyr. Titan bilen örtülen kompozit diafragma we güýçli neodim magnit bilen üpjün edilen bu dinamikalar deňagramly hem-de hakykada ýakyn sesleri döredip, çuňňur baslary berip bilýär. Iki sany mikrofon bolsa daşarky işjeň sesleri basyp, 4 m/s tizlikde öwüsýän ýeliň ugrunda hem arassa telefon gepleşiklerini geçirmäge mümkinçilik berýär.
Nauşnik suwa we tozana garşy IP57 gorag standarty bilen üpjün edilendir.
Huawei FreeArc nauşnigi zarýad gutusy bilen bilelikde jemi 28 sagada çenli işleýär. Diňe 10 minut zarýada goýmak bilen 3 sagada çenli ulanyp bolýar.
Nauşnigiň bahasy 18800 ýena (takmynan 124 dollar) diýlip kesgitlenildi.


15.02.2026 09:14
3.2k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...