«Flying Whales» startapy 60 tonna ýük daşamaga ukyply äpet dirižablyň nusgasyny görkezdi

  • 11.02.2025 08:29
  • 4.3k+

Fransuz startapy «Flying Whales» 2027-nji ýyla çenli uzynlygy 200 metr bolan «LCA60T» atly äpet dirižably gurmagy we uçuş synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.

Startapyň meýilnamalaryna görä, ini 50 metr boljak täze dirižabl bir gatnawda 60 tonna ýük daşamaga ukyply bolar. Ol ýerden 3 km beýiklikde uçar, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 100 kilometre ýeter.
Bu dirižabl perlerini aýlamak üçin ýokary woltly litiý-ion akkumulýatorlaryň we turbogeneratorlaryň utgaşmasyndan peýdalanar.
Häzirki wagtda «Flying Whales» startapynyň hünärmenleri dirižablyň daşky örtügi üçin «Diatex» atly örän ýeňil poliester matany synagdan geçirýärler. Şeýle-de bu ägirt uly taslamany bellenen möhlete çenli amala aşyrmak üçin dürli tehniki we strategiki hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglanyşýarlar.

şu gün 17:37
109

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......