2024-nji ýylda Türkmenistanda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Bu barada 7-nji fewralda wise-premýer B.Annamämmedow giňişleýin Hökümet mejlisinde hasabat berdi. BU barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýyl ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda
- Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebi,
- Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasy,
- Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy,
- Halkara Sagaldyş - dikeldiş hem-de Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri,
- Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry,
- “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary bölegi,
- “Balkan-Daşoguz” elektrik geçiriji howa ulgamy hem-de “Daşoguz” elektrik bekedi,
- Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary we desgalar toplumy,
- Türkmenistan boýunça jemi 5 sany orta mekdebiň we 2 sany çagalar bagynyň binalary bar.