Eplenip ýygnalýan öý çykaryldy: gurnamak üçin 1 sagat ýeterlik

  • 07.02.2025 11:06
  • 10k+

Amerikan Boxabl kompaniýasy «Baby Box» atly eplenip ýygnalýan öýi hödürledi. Ony gurnamak üçin ýörite gurallar gerek däl. Ony özbaşdak bary-ýogy 60 minutda taýýar edip bolýar. Eplenende az ýer tutýar, açylansoň bolsa doly ýaşaýyş jaýyna öwrülýär diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Baby Box eplenende adaty tirkeg (prisep) ýaly görünýär: ini 1,98 metr, uzynlygy bolsa 4,5 metr. Ölçegleri sebäpli ony standart ýeňil awtoulag bilen hem daşamak mümkin. Gurluşyň agramy 1315 kg, şol sebäpden ony pikap ýaly ulaglar bilen hem çekip süýräp bolýar.
Açylandan soň öý iki esse ulalýar: ini 4,29 metr, uzynlygy 4,5 metr, beýikligi bolsa 2,82 metr bolýar. Onuň 11,15 inedördül metr meýdany, bir adam ýa-da jübütler üçin amatly ýaşaýyş şertlerini hödürleýär.
Öndüriji kompaniýanyň aýdyşyna görä, Baby Box-y bir adam özbaşdak, hiç hili kömekçisi bolmazdan, bary-ýogy 60 minudyň dowamynda gurnap bilýär. Hiç hili ýörite gural gerek däl – hemme zat tiz gurnamak üçin oýlanşykly taýýarlanan. Bu aýratynlyk ony uzak sebitlerde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşamak üçin amatly edýär.
Baby Box-yň içi kiçi, ýöne amatly we oýlanyşykly işläp düzülen:

  • ·myhman otagynda SLS diwany bar, ony düşege hem öwrüp bolýar;
  • ·aşhanada induksiýa plitasy, 0,09 kub metr sygymly sowadyjysy, laminirlenen stol bilen çuňňur ýuwujysy we USB rozetkalary bar;
  • ·hammamy bolsa aýak pedal bilen işleýän deňiz hajathanasy, panoramaly aýna duş kabinasy we 12 woltlyk howa çalşyk ulgamy bilen üpjün edilen.

Baby Box-yň başlangyç bahasy 19 müň 999 dollar bolup, geljekde onuň bahasy 29 müň 999 dollara çenli ýokarlanar.

şu gün 17:37
564

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......