Dünýädäki iň uly aýsbergden 80 inedördül km ölçegde uly buz bölegi bölünip aýryldy

  • 03.02.2025 21:21
  • 6.9k+

Dünýäniň iň uly A23a aýsberginden meýdany, takmynan, 80 inedördül kilometr bolan uly buz bölegi bölünip aýryldy. Bu Günorta Atlantikada, Skoşa deňzinde, Günorta Georgiýa adasyndan 340 kilometr uzaklykda bolup geçdi diýip, AFP habar berýär.

Bölünip aýrylan bölek ägirt buzuň massasynyň bary-ýogy 2%-ine deňdir. Ylmy gözlegler aýsbergiň meýdanynyň 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri tas 11% azalandygyny görkezýär.
Ýatlap geçsek, A23a aýsbergi 1986-njy ýylyň sentýabrynda Filhner buzlugyndan bölünip aýryldy we uzak wagtlap Ueddell deňzinde hereketsiz durdy. 2023-nji ýylyň noýabrynda Antarktika kenarynyň ugry bilen hereket edip başlady, 2024-nji ýylda 1,4 müň km töweregi ýol geçdi. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda onuň traýektoriýasy üýtgedi we aýsberg günbatara tarap hereket etdi, aýyň ahyrynda bolsa aýlanyp başlady.
Alymlar aýsbergiň bölünip aýrylan bölekleriniň umman ýylylygynyň we akymlarynyň täsiri bilen ýok ediljekdigini çaklaýar.

20.06.2026 14:57
6.9k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....