Dünýäde her 10 adamdan biri şol bir PIN-koduny ulanýar

  • 03.02.2025 17:41
  • 10k+

ABC News neşiriniň žurnalistleri dünýäde iň köp ulanylýan dört sifrli parollaryň sanawyny düzdüler. Bu netijeler, maglumat syzmalaryny ýüze çykarmak üçin ulanylýan «Have I Been Pwned?» web sahypasynda ýerleşdirilen 29 million parolyň derňewinden alyndy.

Iň giňden ýaýran dört sifrli PIN-kod iň ýönekeý utgaşma bolan 1234 bolup çykdy. Bu kody dünýädäki her 10 adamdan biri ulanýar.
Ikinji iň meşhur PIN-kod 0000, üçünjisi bolsa 1111 boldy. Sanawyň ilkinji onlugyna 1212 we 4444 hem girýär. Şeýle hem 4321 kody hem köp ulanylýar. Käbir adamlar üýtgeşigräk hereket edýärler – PIN-kodlarynda sifrleriň ilkinji dördüsini üýtgedip ulanýarlar, meselem, 1342. Belläp geçsek, 1342 dördünji iň meşhur PIN-kod bolupdyr.
Şeýle PIN-kodlar, howpsuzlyk düzgünleri sebäpli, onlaýn hyzmatlarda ýa-da sosial torlarda hasaba alynmak üçin ulanylmaýar – bu platformalar has uzyn we çylşyrymly parollary talap edýär. Dört sifrli kodlar esasan smartfonlary we beýleki enjamlary goramak, şeýle hem internet-bank hyzmatlaryna girmek üçin ulanylýar.

«Iň köp ulanylýan PIN-kodlar haýran galdyryjy derejede meşhur bolup çykdy, bu ýagdaý eger telefonlar we bank kartlary başga biriniň eline geçen ýagdaýynda olaryň aňsatlyk bilen çaklanyp bilinjekdigini aňladýar» diýip, ABC News ýazýar.

Žurnalistler PIN-kodlaryň haýsy sifrler bilen başlaýandygyny we haýsy sifrler bilen gutarýandygyny görkezýän grafika hödürlediler. Netijede, 19 we 20 utgaşmalarynyň örän meşhurdygyny belläp geçdiler – sebäbi ulanyjylar PIN-kod hökmünde köplenç öz doglan ýyllaryny hem ulanýarlar. Ilkinji onluga 1986 we 2004 ýaly ýyllar girýär.
Şeýle hem derňewde, 5 bilen 8 aralygyndaky sifrleriň has seýrek ulanylýandygy anyklanyldy.
Mundan başga-da, iň ýaramaz PIN-kodlaryň sanawyna 2580 hem girýär. Ilki bilen bu kod çylşyrymly ýaly görünýär, emma aslynda ol smartfonyň klawiaturasynyň ýokardan aşaklygyna dik hataryna gabat gelýär.

«10 müň sany mümkin utgaşmanyň bardygyna garamazdan, gürrüň adamlara gelende, bu deňleme gaty çalt bozulýar. Eger kimdir biri islendik bir ogurlanan telefony açmak ýa-da bankomatdan pul çekmek islese we bary-ýogy bäş gezek synanyşmaga mümkinçiligi bar bolsa, dogry PIN-kody tapmak ähtimallygy 1/8 bolýar» diýip, ABC News neşiriniň redaktorlary Julian Fell we Tereza Tan belläp geçdiler.


26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.2k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...

10.12.2025 15:41
3k+

«Kasperskiý labaratoriýasy» 2025-nji ýylyň iň köp ýaýran parollaryny aýtdy

2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda dünýäde maglumat syzmalarynda hasaba alnan her iki ýüzünji parol «2024» bilen gutarýardy. Bu barada global maglumat syzmalaryny seljermegiň netijesinde «Kasperskiý labaratoriýasy» tarapyndan alnan maglumatlara salgylanyp, TASS habar berýär...