Inžener tekerleriň ýerine şarlar bilen işleýän elektromotosikl döretdi

  • 30.01.2025 16:06
  • 9.1k+

Inžener we meşhur ýutubçy Jeýms Bruton tekerleriň ýerine iki sany uly şar ulanylan adaty bolmadyk, öz-özüniň deňagramlylygyny saklap bilýän elektromotosikl döretdi. Bruton bu taslamanyň ähli çyzgylaryny we programma üpjünçiligini köpçülige açyk edip paýlaşdy diýip, New Atlas habar berýär.

Ulag dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen dolandyrylýar. Deňagramlylygy saklamak üçin tizlenmäni, burulma tizligini we enjamyň ýerleşişini ölçäp bilýän inersial ölçeg birligi (IMU) ulanylýar.
Motosikl islendik tarapa hereket etmäge mümkinçilik berýän omni-tigirler ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Dolandyryş iki tutawaç arkaly amala aşyrylýar: sag tarapky tutawaç ulagyň öňe we yza hereket etmegini, çep tarapky bolsa saga-çepe burulmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, howa ýassykly gaýygyň (howerkraft) dolandyrylyşyna meňzeş ýörite manýowr sazlamasy bilen hem üpjün edildi.
Ulaga güýç bermek üçin 50 woltlyk ulgam hökmünde biri-birine birleşdirilen alty sany litiý-polimer akkumulýator ulanylýar.
Motosikliň ähli gurluş böleklerini, şol sanda metal elementleri we 3D tehnologiýasy bilen çap edilen komponentleri Brutonyň hut özi işläp düzdi. Programma üpjünçiligini bolsa Arduino platformasynda ýazdy.
Bruton beýleki höwesjeňleriň hem bu taslamany özleri gaýtalap bilerler ýaly, çyzgylary, kodlary we diagrammalary köpçülige açyk edip paýlaşdy.

düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......