Adesanýa - Imawow, Magomedow - Peýj... UFC Fight Night 250-de ýene haýsy tutluşyklar bolar?

  • 29.01.2025 15:21
  • 7.6k+

1-nji fewralda Er-Riýadda (Saud Arabystany) UFC Fight Night 250 ýaryşy geçiriler.

Söweş agşamynyň esasy tutluşygy promouşnyň öňki çempiony, ýoruba neslinden bolan, täze zelandiýaly Israel Adesanýa bilen Fransiýanyň wekili, dagystanly Nassurdin Imawowyň arasynda orta agram derejesinde (83,9 kg çenli) bäş raundly söweş bolar.
Ikinji möhüm tutluşyk - ýene bir orta agramdaky söweş bolar. Onda  russiýaly Şarabutdin Magomedow britaniýaly Maýkl Peýj bilen duşuşar.

Söweşleriň esasy kardy (tutluşyklary) şundan ybarat:

  • Israel Adesanýa (24-4) - Nassurdin Imawow (15-4)
  • Şarabutdin Magomedow (15-0) - Maýkl Peýj (22-3)
  • Sergeý Pawlowiç (18-3) - Žairzinýo Rozenstruýk (15-5)
  • Said Nurmagomedow (18-3) - Winisius Oliweýra (21-3)
  • Muhammad Naimow (11-3) - Kaan Ofli (11-3-1) 

UFC Fight Night 250 görkezilişini “Matç Boýes” we “Matç TV” teleýaýlymlarynda tomaşa edip bolýar. Söweşler UFC Fight Pass platformasynda hem elýeter bolar. Ýaryş Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......