Biologlar bakteriýalaryň antibiotiklere garşy nädip durnuklylyk gazanýandygyny öwrendiler

  • 28.01.2025 13:35
  • 4.6k+

Alymlar bakteriýalaryň antibiotiklere garşy nädip durnuklylyk gazanýandygyny öwrenmekde möhüm ädim ätdiler. Bu açyş zyýanly mikroorganizmleriň bu görnüşdäki dermanlara garşy duýgurlygyny gaýtadan dikeltmäge we täze dermanlaryň döredilmeginiň öňüni açmaga mümkinçilik berer. Geçirilen barlaglaryň netijeleri, Nature Microbiology žurnalynda çap edildi.

Bakteriýalaryň antibiotiklere garşy durnuklylygy lukmançylykda iň möhüm meseleleriň biridir. Antibakterial serişdeleriň nädogry ýa-da aşa köp ulanylmagy, häzirki wagtda inçekesel, pnewmoniýa, gonoreýa we gan zäherlenmesi ýaly keselleri bejermegi kynlaşdyrdy (kähalatlarda mümkin däl hala getirdi). Eger-de ýagdaý üýtgemese, birnäçe ýokanç keseller we ownuk şikesler gaýtadan ölüm howpuny döredip bilerler.
Bakteriýalaryň antibiotiklerden goranmak üçin ulanýan köp sanly mehanizmleriniň arasynda plazmidler aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Plazmidler – bakteriýanyň öýjüginiň içinde garaşsyz «ýaşap» bilýän, antibiotiklere garşy durnuklylyk genlerini göterýän «goşmaça» tegelek DNK molekulalarydyr. Olaryň öwrenilmegi, alymlara durnuklylyk genlerini «öçürmek» ýa-da ýok etmek üçin strategiýalary işläp düzmäge kömek edýär.
Ýakyn wagtda Beýik Britaniýada ýerleşýän Jon Innes Merkezinden Tomas Makliniň ýolbaşçylygyndaky halkara barlagçylar topary, antibiotiklere garşy durnuklylyk bilen bagly barlaglarda köplenç ulanylýan RK2 atly nusgalyk plazmidi öwrendiler. Alymlar bu barlagda esasan KorB atly beloga üns beripdirler. Sebäbi eger bu belok bolmasa, plazmidler bakteriýanyň içinde saklanyp bilmeýär. Öň bu belogyň genleri düzgünleşdirýändigi anyklanylsa-da, onuň işleýiş mehanizmi anyk belli däldi.
Häzirki zaman mikroskopiýa we rentgen-gurluşly seljerme usullary arkaly alymlar, KorB belogynyň KorA belogy bilen ýakyn gatnaşykda bolup täsirleşýändigini we olaryň bilelikde «gysgyç» we «gulp» ýaly işleşýändiklerini ýüze çykarypdyrlar: KorB plazmidi bakteriýanyň DNK-synyň üstünde hereket edýär, KorA bolsa zerur pursatda (we belli ýerlerde) KorB-ni «gulplaýar».
Netijede, plazmidde ýerleşýän genler uzakdan blokirlenýär. Bu bolsa, plazmidiň bakteriýanyň şertlerini öz islegine görä «sazlamagyna» we özüni goramagyna mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bakteriýanyň antibiotiklere garşy umumy durnuklylyk derejesi ýokarlanýar.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......