Toyota düýbünden täze platformada gurnaljak Previa miniweniniň üstünde işläp başlady

  • 27.01.2025 11:52
  • 7.2k+

Toyota Previa/Estima-nyň dördünji nesliniň üstünde işläp başlady. Bu awtoulag düýbünden täze platformanyň esasynda gurnalar we 2027-nji ýylda satuwa çykarylar diýip, ýapon Best Car Web neşiri habar berýär.

Ilkinji tapgyrda täze Previa/Estima üçin esas hökmünde e-TNGA platformasynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýardy. Bu platforma Toyota bZ4X, Lexus UX300e we Lexus RZ modelleriniň esasyny düzýär. Emma bu elektrikli awtoulaglaryň satuwy dünýä bazarynda örän pes boldy. Şol sebäpden hem meýilnamalar üýtgedildi: Täze nesil Previa doly elektrik hereketlendirijili görnüşde hem-de zarýad edilip ulanylýan gibrid görnüşde hödürlener.

«Toyota-nyň pikirine görä, Estima barada gürrüň gidende, dizaýn we tehnologiýalar täzelikçi bolmaly, janköýerler hem şeýle pikir edýär. Awtoulagyň dizaýny ilkinji nesil Estima-ny ýatladar diýen gep-gürrüňler hem bar» diýip, Best Car Web neşiri ýazýar.

Şeýle-de täze nesil miniwende diňe bir täze hereketlendiriji ulgamlar däl-de, «steer-by-wire» ulgamy hem göz öňünde tutulýar. Bu ulgamda rul bilen tekerleriň arasynda adaty mehaniki baglanyşyk bolmaýar, tekerler elektron ulgam arkaly dolandyrylýar.


16.06.2026 09:57
5.3k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......