Dünýädäki iň uly aýsberg Atlantika ummanyndaky Günorta Georgiýa adasyna tarap barýar

  • 27.01.2025 11:12
  • 8.6k+

Dünýäde iň uly A23a aýsbergi Atlantika ummanynyň günorta böleginde ýerleşýän Günorta Georgiýa britan adasyna ýakynlaşýar. Bu barada ylmy gözlegçilere salgylanyp, CNN habar berýär.

“Eger şeýle hadysa bolup geçse, ýabany haýwanlaryň, aýratynam, adada köpelýän düwlenleriň we pingwinleriň iýmitlenýän ýerlerine barmak kynlaşyp biler” – diýip, Beýik Britaniýanyň Antarktika gullugynyň okeanograf-fiziology Endrýu Meýers belleýär.

Alymyň aýtmagyna görä, ähli zat ummanyň bu sebitindäki akyma baglydyr. Eger ol oňyn bolsa, aýsberg adanyň golaýyndan geçip gider.

“Aýsbergler öz tebigaty boýunça howply. Eger ol ýanymyzdan geçip gitse, men örän begenerdim. Biz buzy görjek bolup, bütin gije çyralary ýakýarys, ol duýdansyz peýda bolup biler” – diýip, Günorta Georgiýadan uzak bolmadyk ýerdäki gäminiň kapitany Saýmon Uolles aýdýar.

A23a aýsbergi 1986-njy ýylda Filhner buzlugyndan bölünip aýryldy. Göwrümi boýunça ol Londondan iki esse uly bolup, agramy tas 1 trln tonna barabar.
2020-nji ýyla çenli buz bölegi saýa batyp, hereketsiz durdy. Soňra demirgazyk tarapa hereket edip başlady. 2024-nji ýylda aýsberg deňiz duzagyna düşdi, ýöne dekabr aýynda ondan boşandy. Häzir ägirt uly buz bölegi Günorta Georgiýa golaýlaşýar we adadan, takmynan, 270 km uzaklykda ýerleşýär.

şu gün 18:53
4.3k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

şu gün 09:31
4.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......