Hemiltonyň “Ferrariniň” eşigindäki suraty hemaýatkärlere 400 müň dollar girdeji getirdi

  • 26.01.2025 17:56
  • 6.6k+

“Formula-1-iň” ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemiltonyň “Ferrariniň” eşiginde düşen ilkinji suraty toparyň hemaýatkärlerine 400 müň dollar girdeji getirdi. Bu barada Sponsorlytix analitiki neşiri habar berdi.

Bu, aýratynam, “Ferrariniň” esasy hemaýatkäri bolan HP kompaniýasy üçin ähmiýetli boldy. Suratyň netijesinde kompaniýanyň gazanan girdejisi 62,1 müň dollar bilen bahalandyrylýar. “Ferrariniň” özi bu suratyň hasabyna 50 müň dollar gazandy.
Onuň hyzmatdaşy bolan Shell kompaniýasy birneme köp – 52,1 müň dollar gazandy.
Sosial ulgamlarda Hemiltonyň suratly posty 11 mln töweregi laýk alyp, sosial ulgamlaryň taryhynda “Formula-1” barada iň meşhur post boldy.
Belläp geçsek, 22-nji ýanwarda britaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Fýorano ýolunda “Skuderiýa Ferrariniň” türgenleşigine gatnaşdy. Hemilton 30 aýlaw geçdi.
Lýuis Hemilton “Formula-1-iň” geçen möwsüminiň ahyrynda Germaniýanyň “Mersedes” toparyndan “Ferrarä” geçdi. “Ferrarini” bolsa, tersine, ispaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Karlos Saýns terk etdi.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....