Nissan 5 metrlik premial Nissan N7 sedany bilen tanyşdyrdy

  • 26.01.2025 17:22
  • 4.6k+

Ýaponiýanyň Nissan awtoulag öndürijisi Hytaýyň Dongfeng kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanan täze N7 elektrik sedanyny hödürledi. Bu awtoulag Hytaýda 2025-nji ýylyň maý aýynda satuwa çykarylar diýip, Carnewschina habar berýär.

Bu model, soňky bäş ýylda kompaniýanyň Hytaý bazarynda söwdasynyň peselmegi bilen bagly, Nissan-nyň bu bazarda ornuny gaýtadan dikeltmek ugrundaky  strategiýasynyň bir bölegidir. Kompaniýanyň 2024-nji ýyldaky satuwy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 49% azaldy, bu elektrik ulaglarynyň we gibridleriň artýan meşhurlygy bilen düşündirilýär. Nissan bu segmentde yzda galýar, satuwda elektromobiliň diňe bir modeli - Ariya bar.
Guançžou awtoulag sergisinde ilkinji gezek görkezilen N7 sedany "hytaý maşgalalarynyň arasynda arassa elektrik ulaglary üçin täze standart kesgitlemegi maksat edinýär". Awtoulagy satmak üçin ýüztutma 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda tabşyryldy.


Nissan N7 ölçegleri 4930 x 1895 x 1487 mm we tigirli bazasy 2915 mm bolan uly sedan. Ol R17 ýa-da R19 tekerler bilen elýeterli bolar. Sedan başlangyç kuwwaty 215 at güýji we has güýçli wersiýa bolsa  268 at güýji bolan, Dongfeng tarapyndan öndürilen bir elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. LFP akkumulýatory Dongfeng-Sunwoda bilelikdäki kärhana tarapyndan öndürilýär.
Awtoulagda 0,208 Cd pes çekiş koeffisiýenti bar. Öň tarapynda 710 diodly interaktiw LED paneller, yzky böleginde 882 diodly arka yşyklaryň interaktiw zolagy bar. N7-iň kompýuter bölegi Qualcomm Snapdragon 8295P çipinde guruldy. Şeýle hem, awtoulagda Dongfeng Nissan we Momenta tarapyndan işlenip taýýarlanan akylly hereketlendiriji ulgam ulanylar.
Dongfeng Nissan -yň baş direktorynyň sözlerine görä, kompaniýa N7 çykandan soň,  bir ýylyň içinde ýene dört sany täze awtoulag modelini satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......