Toyota-nyň şahamçasy dizel hereketlendirijisiniň synag maglumatlaryny galplaşdyrandygy üçin 1,6 milliard dollar tölär

  • 20.01.2025 12:55
  • 8.5k+

Toyota-nyň Hino Motors golçur kärhanasy dizel hereketlendirijileriniň zyýanly zyňyndylary baradaky maglumatlary görkezende hilä ýüz urandygy üçin 1,6 milliard dollar jerime tölemäge razy boldy.

Kompaniýa ozal Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugyna (NHTSA) ýalan maglumat berendigini boýun alypdy diýip, Motor1 belleýär.
Gürrüň ýol tehnikasyna oturdylan 105 000 töweregi dizel hereketlendirijisiniň we wnedorožniklere niýetlenen 6000 hereketlendirijiniň synag maglumatlarynyň galplaşdyrylandygy barada gidýär.
Mundan başga-da, Hino Motors 2017-2019-njy ýyllar aralygynda ýük awtoulaglarynda ulanylan käbir hereketlendirijileri kada laýyk getirmek üçin yzyna çagyrýar. Toyota 2001-nji ýyldan bäri Hino Motors-yň gözegçilik paýyna eýeçilik edýär.
Hino Motors-yň baş direktory Satoşi Ogiso ötünç sorady we kompaniýanyň şuňa meňzeş ýagdaýlaryň geljekde gaýtalanmazlygy üçin giň gerimli üýtgeşmeleri geçirendigini aýtdy.

"Şuňa meňzeş meseleleriň gaýtalanmazlygy üçin tutuş kompaniýa boýunça içerki medeniýetimizi, gözegçilik we ýerine ýetiriş amallarymyzy ep-esli gowulandyrmak ýaly özgertmeleri amala aşyrdyk" - diýip, Satoşi aýtdy.


21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....