Sekuntda 9120 kadr düşürmäge ukyply kamera döredildi

  • 20.01.2025 01:34
  • 4.9k+

Koreýanyň ösen tehnologiýalar institutynyň (KAIST) alymlary sekuntda 9120 kadr düşürmäge ukyply kamerany döretdiler. Bu üstünlik tebigatdan ylham alyp gazanyldy: tehnologiýanyň esasy böleginde mör-möjekleriň göz gurluşyndan peýdalanyldy. Bu gurluş çalt hereketleri görmäge we pes ýagtylyk şertlerinde işlemäge ukyplydyr diýip, Tech Xplore neşiri habar berýär.

Adaty kameralar ýokary tizlikde surata düşürýän wagty uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar: kadr ýygylygy näçe ýokary bolsa, ýagtylygy ýygnamak üçin wagtyň şonça-da az bolmagy suratlaryň hilini peseldýär. Professorlar Ki-Hun Jong we Min H. Kimiň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar bu meselä çözgüt tapdylar. Olar “jemlenen göz” ulgamy bilen işleýän tehnologiýany döretdiler, bu ulgam kameralaryň şol bir wagta dürli wagt aralyklaryndan kadrlary düşürmegine mümkinçilik berýär.
Bu innowasiýa her kadrda ýygnan ýagtylygynyň kömegi bilen kameranyň duýujylygyny artdyrýar. Bu usul adaty kameralaryň düşürip bilmeýän pes ýagtylykdaky obýektlerini düşürmäge hem mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, kamera ýoýulmalary aradan aýyrmak we aýdyň suratlary dikeltmek üçin ýörite algoritm bilen üpjün edilen.
Enjamyň gurluşy örän ykjam: onuň galyňlygy 1 millimetrden az, bu bolsa ony mobil enjamlar, lukmançylyk barlaglary we wideo gözegçilik ulgamlary üçin amatly edýär. Kameranyň täsin arhitekturasy surata düşürmegiň tizligini, suratyň hilini ýitirmezden ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Barlagçylar tehnologiýany ösdürmegi, 3D şekilleri we örän ýokary çözgütli algoritmleri işläp taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Geljekde bu kameralaryň biomedikal wizualizasiýada, göçme ulgamlarda, ýokary tizlik hem-de hil talap edýän beýleki ugurlarda ulanylmagyna garaşylýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....