LG Display öňki modellerden ep-esli ýagty täze OLED panelini hödürledi. Täze Primary RGB Tandem tehnologiýasy, öňki nesil bilen deňeşdirilende, ýagtylygy 33% ýokarlandyrýar.
Kompaniýa ozal tehnologiýasyny CES 2025-de görkezipdi, ýöne şu wagta çenli iň oňat OLED paneli diýilýän zadyň ähli aýratynlyklaryny şu wagta çenli açmandy.
“Telewizorlaryň dördünji nesliniň OLED panellerinde ulanylýan Primary RGB Tandem gurluşy iki gatlak gök elementleri hem-de gyzyl we ýaşyl elementleriň garaşsyz gatlaklaryny goşup, ýagtylyk çeşmesini dört gatlaga bölýär. Bu öňki gurluş bilen deňeşdirilende, her gatlakdan çykýan ýagtylygyň mukdaryny köpeltmek arkaly aňrybaş ýagtylygy ýokarlandyrýar "- diýip, kompaniýanyň metbugat gullugynda düşündirdiler.
Ozal panellerde üç gatly gurluş ulanylýardy, bu ýerde ýagtylygy 3000 nitdi.
Bu panel 4000 nit ýagtylyga ýetmäge ukyply we AI bilen işleýän telewizorlar üçin amatlydyr.
LG-niň esasy bäsdeşlerinden biri bolan Samsung-yň hem bu meselede yza galmaýandygyny bellemelidiris. Şol bir CES 2025 sergisinde ol 4000 nit ýagtylygy we 165 Hz täzeleniş tizligini gazanan QD-OLED panelli S95F telewizoryny görkezdi.