LG rulon ýaly düýrlenýän ekranly täze smartfony patentledi

  • 16.10.2024 15:04
  • 5.3k+

2021-nji ýylda smartfon bazaryndan giden LG täze gurluş bilen ýene dolanyp biler. Günorta Koreýanyň kompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabrynda berlen patente görä, ol displeýini rulon ýaly towlap boljak smartfony işläp taýýarlaýar diýip, MSPowerUser neşiri ýazýar.

Täze patent LG-niň öňki Rollable modelini doly işländigini görkezýär. Täze gurluşyň ekrany her düýrlemede we ýazmada ekrany tekizleýän magnit lentanyň netijesinde deformirlenmez. Bu öňki wersiýalar üçin häsiýetli bolan döwülmeler we eplenmeler meselesini aradan aýrar.

Birnäçe ýyl ozal LG motorlaşdyrylan mehanizmiň kömegi bilen 6,8 dýuýmdan 7,4 dýuýma çenli giňelýän smartfonyň prototipini görkezendigi mälimdir. Ýöne onuň bu önümi tamamlanman galdy.

Patent LG-niň smartfon bazaryna gaýdyp gelmäge taýýardygyny, ýöne şol bir wagtyň özünde rulon ýaly towlanýan displeýleri Huawei, Honor ýa-da Motorola ýaly beýleki öndürijilere iberip biljekdigini-de görkezip biler.  


20.01.2025 00:38
4.8k+

Täze telewizorlar öňküden 33% ýagty bolar. LG täze OLED tehnologiýasyny döretdi

LG Display öňki modellerden ep-esli ýagty täze OLED panelini hödürledi. Täze Primary RGB Tandem tehnologiýasy, öňki nesil bilen deňeşdirilende, ýagtylygy 33% ýokarlandyrýar. Kompaniýa ozal tehnologiýasyny CES 2025...

07.01.2025 01:35
3.6k+

LG sazlanylýan tekerli “sanly ýaşaýyş otagyny” tanyşdyrmaga taýýarlanýar

LG kompaniýasy Las-Wegasdaky CES elektronika sergisi üçin iki innowasion konseptini taýýarlaýar: sazlanýan interýerli ykjam öý hem-de awtomobiller üçin sürüjiniň ýagdaýyna gözegçilik ulgamy. Birinji konsept, Lifestyle...

27.02.2022 09:49
6.3k+

LG dury OLED telewizorlaryny çykarmak bilen meşgullanar

Internet torunda häzirki wagtda LG-niň içerki bölümçeleriniň öz aralarynda dury displeýli telewizorlary çykarmak barada ylalaşýandyklary hakynda maglumat peýda boldy.  Habar berlişi ýaly, gürrüň OLED tehnologiýasy...

düýn 14:32
4.2k+

Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy

Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar...