LG sazlanylýan tekerli “sanly ýaşaýyş otagyny” tanyşdyrmaga taýýarlanýar

  • 07.01.2025 01:35
  • 3.7k+

LG kompaniýasy Las-Wegasdaky CES elektronika sergisi üçin iki innowasion konseptini taýýarlaýar: sazlanýan interýerli ykjam öý hem-de awtomobiller üçin sürüjiniň ýagdaýyna gözegçilik ulgamy.

Birinji konsept, Lifestyle Solution for Mobility (LSM) içini sazlamak aňsat bolan tekerli öýdür.
Furgonyň içinde iki aýratyn zona bar: sürüji zonasy we uly ekranly, audio ulgamly, holodilnikli we oturgyçly dynç alyş zonasy. LG Mobility Experience interýeri iş kabinetinden başlap, dynç alyş zolagyna çenli islendik zerurlyga görä aňsatlyk bilen sazlamaga mümkinçilik berýär.
Ikinji konsept – bu ulgam emeli aňy ulanýan awtomobil salonynyň gözegçilik ulgamy. Ulgam ýürek ritminiň datçikleri we ýüz keşbi seljermek arkaly sürüjiniň fiziki we emosional ýagdaýyny yzarlaýar. Bu awtomobile sürüjiniň zerurlyklaryna görä uýgunlaşmaga we bolup biljek saglyk meseleleri barada duýdurmaga mümkinçilik berýär.


20.01.2025 00:38
4.9k+

Täze telewizorlar öňküden 33% ýagty bolar. LG täze OLED tehnologiýasyny döretdi

LG Display öňki modellerden ep-esli ýagty täze OLED panelini hödürledi. Täze Primary RGB Tandem tehnologiýasy, öňki nesil bilen deňeşdirilende, ýagtylygy 33% ýokarlandyrýar. Kompaniýa ozal tehnologiýasyny CES 2025...

16.10.2024 15:04
5.4k+

LG rulon ýaly düýrlenýän ekranly täze smartfony patentledi

2021-nji ýylda smartfon bazaryndan giden LG täze gurluş bilen ýene dolanyp biler. Günorta Koreýanyň kompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabrynda berlen patente görä, ol displeýini rulon ýaly towlap boljak...

27.02.2022 09:49
6.4k+

LG dury OLED telewizorlaryny çykarmak bilen meşgullanar

Internet torunda häzirki wagtda LG-niň içerki bölümçeleriniň öz aralarynda dury displeýli telewizorlary çykarmak barada ylalaşýandyklary hakynda maglumat peýda boldy.  Habar berlişi ýaly, gürrüň OLED tehnologiýasy...

düýn 22:29
1.2k+

Muny diňe Apple başarýar! Çykanyna 23 ýyl bolan iBook G4 noutbugy häzirem täzelemeleri kabul edýär

Baryp, 2003-nji ýylda çykarylandygyna garamazdan, Apple iBook G4 noutbugynyň heniz hem Apple-iň resmi serwerlerine birigip, täzeleme bukjalaryny indirip bilýändigi mälim boldy.  Bu model üçin resmi howpsuzlyk goldawy 2011-nji ýylda bes edilipdi, ýöne Apple ençeme ýyl soň hem noutbugyny işletmek kararyna gelenler üçin köne düzedişleri saklamagyny we paýlamagyny dowam etdirýär...