Sarukýan Mahaçew bilen titul söweşinden çekildi. Oňa derek Moýkano çykar

  • 18.01.2025 12:21
  • 12k+

Islam Mahaçew bilen Arman Sarukýanyň arasynda ýeňil agramda UFC-niň çempiony tituly ugrundaky uzak garaşylan söweş ýatyryldy. Bu barada şenbe güni, söweşijileriň agramyny çekmek dabarasy meýilleşdirilen wagty mälim boldy. Iň soňky pursatda Sarukýanyň şikes sebäpli çykyş edip bilmejekdigi belli boldy.

Alan şikesi barada rus-ermeni söweşijisi sosial ulgamlarda habar berdi.

“Gynanç bilen meniň arka şikesi sebäpli UFC 311-den aýrylmaly bolandygymy habar berýärin. Bu meniň söweş karýeramda kabul etmeli bolan iň kyn çözgütlerimiň biri boldy. Men UFC guramasyna ýagdaýa düşünendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin we geljekde ilkinji UFC titulym üçin söweşmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Sarukýan sosial ulgamlarda ýazdy.

Söweş ýekşenbe güni irden geçirilip, UFC 311 ýaryşynyň esasy wakasy bolmalydy. UFC-niň guramaçylary Sarukýanyň deregine gyssagly başga bir söweşijini tapmaly boldy.
Netijede, promouşen Mahaçewiň ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde 10-njy orny eýeleýän braziliýaly Renato Moýkano bilen söweşjekdigini yglan etdi.

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt sosial ulgamlarda guramanyň häzirki çempiony Islam Mahaçewiň bu waka nähili garandygyny gürrüň berdi: “Haçan-da men Islama jaň edenimde, ol şeýle diýdi: “Men çempion we islendik kişi bilen söweşerin”.
Mahaçewiň hasabynda 26 ýeňiş we bir ýeňliş, Moýkanonyň hasabynda 20 ýeňiş we 6 ýeňliş bar. Deslapky söweşler Aşgabat wagty bilen 4:00-da, ýaryşyň esasy bölegi 8:00-da başlar. Söweş “Матч! Боец” we “Матч!” telekanallarynda, şeýle-de UFC Fight Pass platformasynda ýaýlyma berler. 


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....