Ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary kesgitlenildi

  • 13.01.2025 16:07
  • 2.9k+

5-10-njy ýanwar aralygynda Aşgabat ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu barada Orient habar berýär.

Oglanlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halýynazow mümkin bolan 11-den 9 utuk toplap, ýeňiş gazandy. 8,5 utuk toplap degişlilikde 2-nji we 3-nji orny Lebap welaýatyndan mekdep okuwçysy Serdar Baýramow we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Amanmuhammet Hommadow eýeledi.
Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Läle Şöhradowa yzly-yzyna ikinji ýyl bäsdeşlerinden üstün çykyp, mümkin bolan 11-den 9 utuk toplady. Doganlar Şöhradowalaryň ýene biri Leýla (Lebap, 18 ýaş) ýarym utuk yza galyp, ikinji ýeri eýeledi, Gulmira Seýilhanowa (Lebap, 17 ýaş) 8 utuk bilen ilkinji üçlügi jemledi.
Çempionatyň ýeňijileri 23-nji fewraldan 8-nji mart aralygynda Çernogoriýada geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda, şeýle hem Kolombo (Şri-Lanka) şäherinde geçiriljek ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyny aldylar.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......