Koreýa Respublikasynda ýaşaýan daşary ýurtlulara sanly şahadatnama berler

  • 13.01.2025 11:52
  • 10k+

Koreýa Respublikasynyň çäginde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar indi sanly şahadatnamalaryny almak üçin arzalaryny tabşyryp bilerler. Şahadatnamalar iň köp ulanylýan operasion ulgamlarda işleýän smartfonlarda elýeterli bolar. Bu hyzmat 14 ýaşyndan ýokary bolan şahslara elýeterli bolar diýip, Korea Herald neşiri habar berýär.

Sanly şahadatnamalar fiziki kartlar bilen deň hukuga eýe bolar. Mysal üçin, olary döwlet edaralarynda, hassahanalarda we dükanlarda ulanyp bolar. Koreý hökümeti, sanly maliýe hyzmatlarynda şahsyýeti tassyklamak üçin elektron kartlary ulanmak maksady bilen, iri banklar we degişli guramalar bilen gepleşikleri geçirýär.
Sanly şahadatnamany iki usul bilen alyp bolýar. 2025-nji ýylyň başyna çenli berlen fiziki kartlaryň eýeleri migrasiýa edaralaryna barmaly bolar. Emma şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň şahadatnama alan adamlar üçin bu has aňsat bolar: olar şahadatnamany smartfonlaryna ýakynlaşdyrsa ýeterlik, sebäbi şahadatnamada ýörite çip ýerleşdirilen we ol mobil goşundynyň üsti bilen sanly görnüşi ýüklemäge başlaýar.
Hökümet şahsy maglumatlaryň goragyny üpjün etmek üçin blokçeýn we şifrleme ýaly öňdebaryjy howpsuzlyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Her bir mobil şahsyýetnama, diňe şol adamyň adyna hasaba alnan enjama bagly bolar.


23.06.2026 14:40
2.4k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

18.06.2026 09:55
856

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....