Toyota Prius 2025 çykdy. Bahasy 29 müň 485 dollardan başlaýar

  • 11.01.2025 12:26
  • 5.1k+

Toyota 2025-nji model ýylynyň Prius-y bilen tanyşdyrdy. Ýapon kompaniýasy Nightshade-iň täze wersiýasy bilen öz hataryny giňeltdi.

Car and Driver portalynyň habar bermegine görä, LE-niň esasy komplektasiýasy  geçen ýylky modelinden 400 dollar gymmatlady we häzirki wagtda 29 485 dollar durýar.
Döwrebaplaşdyrylan tehnologiýaly we has uly tekerli XLE modifikasiýasynyň bahasy 32 930 dollardan başlaýar, iň ýokary derejeli Limited wersiýasynyň bahasy  bolsa 36 500 dollardan başlaýar.
XLE-niň esasynda döredilen Nightshade wersiýasy gara bezegi bilen tapawutlanýar. Aýratynlyklary gara nyşanlary, öň gapylarynyň tutawaçlaryny we bamperiň  elementlerini öz içine alýar. Şeýle hem, ol Toyota -nyň Karashi diýip atlandyrýan üýtgeşik reňkinde elýeterlidir.
Prius modelleriniň hemmesi 194 at güýji bolan gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol iki elektrik hereketlendirijisi bilen birleşdirilen 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisini ulanýar. Öň tekerleri hereketlendirijisi standart komplektasiýa girýär, ähli tigirleri hereketlendiriji bolsa goşmaça elektrikli hereketlendiriji goşulmak bilen 1400 dollara satylýar.


şu gün 21:15
447

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....