“Tirsek islediňiz, goý, tirsek bolsun”: PFL söweş ligasy düzgünleri üýtgetdi

  • 10.01.2025 16:31
  • 9.5k+

2025-nji ýyldan başlap Professional Fighters League (PFL) ähli söweşlerinde düzgünleriň çäklerinde tirsek urgularyna rugsat berýär. Üýtgeşmeleri guramanyň başlygy Donn Dewis resmi taýdan tassyklady diýip, AllBoxing portaly habar berýär.

“Täze ýyl, täze üýtgeşmeler. Siz tirsek islediňiz, PFL size tirsek berer! Islendik tirsek urgulary, islendik söweşde, islendik wagt” – diýip, Dewis sosial ulgamlarda ýazdy.

Mundan öň tirsek bilen urmak PFL-iň ähli söweşlerinde onuň formatynyň aýratynlygy sebäpli gadagan edilýärdi. Çünki, möwsümiň dowamynda söweşijiler her iki aýdan diýen ýaly arena çykýardy, tirsek urgusy bolsa dikelmek üçin köp wagt talap edýän şikes töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda düzgünler möwsümleýin gran-prileriň finallary üçin ilkinji gezek gowşadyldy, sebäbi bu ýerde söweşleriň arasyndaky arakesme şikesleriň bitmegi üçin ýeterlik wagt almaga mümkinçilik berýär.
Indiki PFL ýaryşy 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriler. Esasy waka ýeňil agramda Bellator-yň çempiony russiýaly Usman Nurmagomedow bilen irlandiýaly Pol Hýuzyň arasyndaky söweş bolar. 


22.06.2026 14:40
4.3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....