Ýükleri we adamlary Aýa, Marsa daşajak Starship-iň ýedinji synag uçuşy 13-nji ýanwarda geçiriler

  • 10.01.2025 09:41
  • 8.1k+

SpaceX Starship-iň ýedinji synag uçuşynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi. Uçuryş 13-nji ýanwarda amala aşyrylar. Kosmos gämisiniň täze prototipi kämilleşdirilen dizaýn we ulgamlar bilen synaglardan geçer.

"Bu täze ýyl Starship üçin möhüm ýyl bolar. Sebäbi tutuş ulgamy gaýtadan ulanmagy hem-de Ýeriň, Aýyň, Marsyň orbitasyna adam we ýük ibermek mümkinçiligine tarap hereket edip, öňküdenem hyjuwly missiýalary ýerine ýetirmekligi öňümizde maksat edip goýarys" – diýip, SpaceX-de mälim etdiler.

Öňde geçiriljek synagyň dowamynda Raptor hereketlendirijisi ilkinji gezek gaýtadan ulanylar, ol bäşinji synag goýberişinde synaglardan geçipdi. Starship orbitada bolmak bilen, Starlink hemrasynyň hemralaryň indiki nesliniň ululygyna we agramyna meňzeş 10 sany maketini ýerleşdirer.
Gämä birnäçe üýtgeşme girizildi. Starship-iň öň ýapyjylary kiçeldildi hem-de gäminiň burnuna we ýylylyk ekranyndan daşraga süýşürildi. Bu atmosfera girenden soň, gyzyşyny kemeltmeli hem-de mehanizmleri we gorag plitalaryny ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem işläp düzüjiler ýangyjyň mukdarynyň 25 göterim artandygyny, ýangyç geçirijileriň wakuum korpusynyň we Raptor wakuum hereketlendirijileri üçin täze ýangyç iberiş ulgamynyň bardygyny habar berdiler.
Gämi döwrebaplaşdyrylan awiasiýa enjamlary bilen üpjün edildi. Olar bortdaky täze kompýuterden, Starlink we GNSS antennalaryndan, täzeden işlenen datçiklerden we 2,7 MWt paýlanýan kuwwatdan ybarat.
Starlink bilen kosmos gämisi hakyky uçuş wagtynda 120 Mbit / s-den gowrak ýokary durulykdaky wideony we uçuşyň her bir döwründe telemetriýany geçirer we döredijilere möhüm inženerçilik maglumatlaryny berer.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......