Opel täzelenen Astra 2025-i hödürledi. Modelde hereketlendirijiniň hataryna täsir eden üýtgeşmeler bolup geçdi diýip, Carsweek habar berýär.
Täze önümde öndüriji tygşytlylygy we dinamikasy bilen meşhur bolan, 110 at güýjüni öndürýän 1,2 litrlik benzin hereketlendirijiden ýüz öwürdi. Indi modeliň esasy wersiýasy has güýçli, 130 at güýji bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Şoňa laýyklykda başlangyç bahasy hem 25 050 ýewro çenli ýokarlandy.
Assortimentden aýrylan 1,2 litrlik hereketlendiriji 100 km üçin bary-ýogy 5,5 litr ýangyç sarp edýärdi we ulagy 10,5 sekuntda sagatda 100 km tizlige çykarýardy. Bu tygşytlylyk bilen dinamikanyň arasyndaky deňagramlylyga gadyr goýýanlar üçin gowy saýlaw boldy.
Hereketlendirijileriň täze setiri benzin we dizel agregatlaryny, şeýle hem gibrid we doly elektrikli görnüşlerini öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, ykjam krossowerlere bolan islegiň artýan şertlerinde Astranyň meşhurlygy kem-kemden peselýär.