Täze Opel Astra hödürlendi

  • 27.03.2024 13:25
  • 17k+

Opel Astra-nyň utgaşdyrylan güýç gurluşly täze wersiýasy hödürlendi diýip, quto.ru habar berýär.

Gibrid ulgam 1,2 litrlik benzin hereketlendirijisini, 48 woltlyk generatory we 6 tizlikli awtomatiki geçirijini özünde birleşdirýär.
Gurluşyň umumy kuwwaty 136 at güýji we çekiş batareýasy sürüjiniň oturgyjynyň aşagynda ýerleşýär.
130 at güýji bolan benzin görnüşi bilen deňeşdirilende, täze gibrid ýangyjy 14% tygşytlaýandygyny görkezýär. Kombinirlenen aýlawda ortaça sarp edişi 5l/100 km töweregi bolup, täze önümi gibrid däl görnüşlerden tapawutlandyrýar.
48 wolt ulgamly täze Opel Astra modeliň adaty wersiýalary ýaly, bagažyň göwrümini öňküligine saklaýar.
Gibrid Opel Astra-nyň satuwy Ýewropada eýýäm başlandy. Bahasy 36 430 ýewrodan başlaýar.


09.10.2025 18:18
8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.7k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.7k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.2k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...