Opel 2024-nji ýylyň täze Grandland modelini çykardy

  • 26.04.2024 14:47
  • 11k+

Opel kompaniýasy hem içinden ýandyrylýan hereketlendirijili, hem doly elektrikli görnüşde elýeterli boljak täzelenen  Grandland 2024-i hödürledi diýip, IXBT ýazýar.

Täze Grandland öňküsinden has ulaldy, indi onuň ölçegleri 4650 × 1905 × 1660 mm, tigir bazasy - 2784 mm. Bu ony Volkswagen Tiguan-dan birneme ulaldýar.
Içinden ýandyrylýan wersiýasy 1,2 litrlik üç silindrli hereketlendiriji we 48 woltlyk ýumşak gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Soň ýöreýiş ätiýaçlygy takmynan 80 km bolan, ondan-oňa geçirilýän gibrid görnüşi hem peýda bolar.
Opel 2028-nji ýyla çenli diňe elektrik brendine öwrülmegi meýilleşdirýändigini, ýöne bu bazardaky soňky sowaşmalar kompaniýa bu strategiýasyny täzeden gözden geçirmäge mejbur edip biljekdigini aýtdy.
Täze Grandland-yň salonynda 16 dýuýmlyk uly maglumat-güýmenje ekrany, baş ekran we lomber goldawy, howa çalşygy we massaž oturgyçlary bar. Öňdäki oturgyçlarda guýruk süňküne basyşy azaldyjy ýörite oýuklar bar.
Täze Grandland şu güýzde Opel-iň kontinental Ýewropada we Vauxhall-iň Angliýada çykyşy ýaly, satuwa çykar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......