Opel 2024-nji ýylda Frontera modelini gaýtadan janlandyrar

  • 25.01.2024 16:59
  • 6.9k+

Opel nemes kompaniýasy şu ýyl Frontera modelini hödürlär. Şeýle ady göteren ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtomobiller 1991-nji ýyldan 2004-nji ýyl aralygynda çykarylypdy. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

“Täze Opel Frontera uly salon giňişligi we uniwersallygy bilen tapawutlanar, şonuň üçin-de işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan müşderileriň hem, maşgalalaryň hem göwnünden turar. Täzeden dikeldilen Opel Frontera nemes markasynyň täze Opel Blitz nyşanly ilkinji seriýaly awtomobili bolar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, awtomobil elektrik güýç gurluşyna eýe bolar. Onuň kuwwatlylygy, şeýle-de beýleki tehniki häsiýetleri barada premýera golaý belli bolar.


12.12.2025 16:45
8.8k+

Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy

Täzelenen Open Astra-nyň global premýerasy soňky dört ýylda modeliň ilkinji uly täzelenmesi boldy. Dizaýnerler modeliň umumy durkuny saklady, ýöne öň bölegi düýpli üýtgedildi. Opel Vizor ulgamy has giň LED elementlerine we yşyk bilen ýanýan Opel Blitz logotipine eýe boldy...

09.10.2025 18:18
9.6k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.9k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.8k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...