Oba ýerlerinde 5G ulanmak saglyga howp salyp biler

  • 06.01.2025 15:33
  • 10k+

Barselonanyň Global saglyk instituty (ISGlobal) tarapyndan geçirilen barlag oba ýerlerinde 5G ulanylmagynyň saglyga zyýanly bolup biljekdigini ýüze çykardy diýip, Eurekalert habar berýär.

Alymlar radiasiýany dürli ýagdaýlarda: smartfonyň geçirijisini öçürmek, aşa köp maglumat ýüklemek we uly faýllary ibermek arkaly ölçäp gördüler. Synag 5G-niň  hemme ýerde ornaşdyrylan ýurdy bolan Şweýsariýada geçirildi.
Netijede, uly faýllar yzygiderli iberilende şäherlerde radiasiýanyň ortaça täsiri 16 mWt/m2, obalarda bolsa bu görkeziji iki esse ýokary - 29 mWt/m2 bolup çykdy. Bu tapawut oba ýerlerinde merkezi stansiýalaryň az bolmagy bilen baglanyşyklydyr - bu signalyň hilini peseldip, maglumat iberende enjamlary has köp energiýa sarp etmäge mejbur edýär.

“Biziň geçiren barlagymyzda telefonyň ölçeg enjamyndan, takmynan, 30 sm uzaklykda ýerleşendigini göz öňünde tutmalydyrys, bu netijelerimiziň radiasiýanyň hakyky täsirinden pes bolup biljekdigini aňladýar. Ykjam telefony ulanyjy telefony göwresine has ýakyn saklaýar we şeýlelik bilen, RF EMF-iň täsiri 10 esse artyk bolup biler " – diýip, barlagyň awtorlary duýdurýarlar.

Barlag merkezi stansiýalaryň gür däl ýerinde daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň pesdigini görkezýär. Emma, şeýle ýagdaýda ykjam telefonlardan radiasiýanyň ýaýraýşy ep-esli ýokarlanýar.

"Munuň geň netijesi bar: ykjam telefonlaryň adaty ulanyjylary merkezi stansiýalaryň gür däl  ýerlerinde RF EMF radiasiýasyna has köp sezewar bolýar" – diýip, alym gysgaça netijä gelýär.

şu gün 08:02
184

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
199

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
3k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......