ABŞ-nyň kazyýetinde ilkinji gezek VR şlemi ulanyldy. Kaza wakany täzeden gurnap görkezdiler

  • 06.01.2025 12:18
  • 10k+

Florida ştatynyň (ABŞ) Brauard okrug kazyýeti ABŞ-da jenaýat wakalaryny täzeden janlandyryp görkezmekde VR tehnologiýasyny ulanan ilkinji kazyýet boldy. Kazy wakany "aýyplanýanyň gözleri bilen" görmek üçin VR şlemini geýdi diýip, Newsweek neşiri habar berýär.

Bu banket zalynyň eýesi, ölüm howply ýarag bilen günäni agraldýan ýagdaýlarda hüjüm etmekde günäkärlenýän Migel Albisuwyň kazyýet işine seredilýärkä bolup geçdi. Kazyýet işiniň materiallaryna görä, Albisu 2023-nji ýylda oturylyşyk agşamynyň agressiw myhmanlaryna ýarag bilen haýbat atypdyr. Günäkärlenýän adam maşgalasyny penalap, özüňi goramagyň çäklerinde hereket edendigini tassyklaýar.
Okrugyň kazysy Endrýu Sigel işiň ýagdaýyna has gowy düşüner ýaly günäkärlenýäniň aklawçysy Ken Padowis oňa Oculus Quest 2 wirtual hakykat garniturasyny geýmegi teklip etdi. Aklawçynyň sözlerine görä, şlem betbagtçylykly gijäni "Albisuwyň gözleri bilen" görmäge kömek etmeli.
Bu wirtual hakykat tehnologiýasynyň amerikan kazyýetinde ilkinji gezek ulanylmagy bilen bagly mälim wakadyr.
Padowisiň ABŞ-nyň konserwatiw kazyýet ulgamyna ilkinji gezek täzelik girizişi däldigini bellemelidiris. Ol 1992-nji ýylda başga bir wakany göz öňüne getirmek üçin kompýuter animasiýasyny ilkinji bolup ulananlaryň biri bolupdy.
Bilermenler şeýle tehnologiýalaryň kazylara we emin agzalaryna işiň hakykatyna has çuňňur düşünmäge kömek edip, adalatyň hilini ýokarlandyryp biljekdigini bellediler. Şeýle-de bolsa, bu hili tehnologiýalaryň ulanylmagy täze sowallaryň döremegine sebäp bolýar. VR-niň maglumatlaryny jedelsiz subutnama hasaplap bolmaz, sebäbi islendik hadysanyň wirtual täzeden gurnalmagy, şeýle hem şaýatlaryň görkezmeleri wakalara gatnaşyjylaryň subýektiw kabul edişine baglydyr.
Albisuwyň goragy üçin bu strategiýanyň näderejede üstünlikli boljakdygyny oturdaşlaryň karary görkezer.
Şeýle-de bolsa, kazyýetde VR şlemlerini ulanmagyň mysaly köpçülikde tolgunma döretdi. Munuň Amerikanyň kazyýet ulgamynyň geljegine nähili täsir etjekdigi entek belli däl.


10.06.2026 16:26
5.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......