Amazonkada tokaý ýangynlary 17 ýyllyk rekordy täzeledi. Bir ýylda ýangynyň 140 müň ojagy bellige alyndy

  • 06.01.2025 12:13
  • 10k+

2024-nji ýylda Amazonkanyň basseýninde 140 müň 328 sany ýangyn hasaba alyndy. Bu 2023-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 42% köpdür (2023-nji ýylda ýangyn sany 98 müň 634) diýip, Braziliýanyň Milli kosmos barlaglary institutynyň (INPE) maglumatlaryna salgylanýan Phys.org habar berýär.

Ýangynyň gerimi soňky 17 ýylyň içinde örän uly bolup, 2007-nji ýyldaky 186 463 sany  ýangyndan soň ikinji orunda durýar.
Hünärmenler bu ýagdaýy El-Ninýo hadysasy we howanyň üýtgemegi sebäpli dowam edýän guraklyk bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle-de bolsa, ýangynyň esasy sebäbi adamyň işjeňligi, ýagny oba hojalygyna degişli ýerleri arassalamak maksady bilen tokaýlaryň ýakylmagy hasaplanýar.
Ýangyn bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyna garamazdan, 2024-nji ýylda tokaýlaryň çapylmagy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 30%-den gowrak azaldy. Bu prezident Luis Inasiu Lula da Silwanyň ýolbaşçylygynda Amazoniýany gorap saklamagy ileri tutýan Braziliýanyň hökümetiniň tagallalarynyň netijesidir.
Şeýle-de bolsa, ýangynyň netijelerini Braziliýa, Rio-de-Žaneýro we San-Paulu ýaly iri şäherleriň ýaşaýjylary eýýäm duýup başladylar. Tokaý ýangynlaryndan gelýän goýy tüsse ilatly ýerleri örtdi, howanyň hilini ep-esli ýaramazlaşdy.
Alymlar tokaýlaryň çapylmagynyň we ýangynlaryň sanynyň köpelmeginiň howanyň kollapsyna sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar. Sebitde ählumumy maýlamagy çaltlaşdyrjak kömürturşy gazyny siňdirmek ukybyny ýitirmek howpy bar.


27.06.2026 20:17
6.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.6k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......