Blitz boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş ilkinji gezek iki küştçä - Karlsene we Nepomnýaşä berildi

  • 02.01.2025 14:43
  • 7.2k+

Nýu-Ýorkda geçirilen Blitz boýunça dünýä çempionatynda ýeňşi iki küştçi - norwegiýaly Magnus Karlsen we russiýaly Ýan Nepomnýaşiý paýlaşdy. Şeýle karar ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek kabul edildi diýip, Halkara küşt federasiýasy (FIDE) habar berýär.

Küştçüler jemi ýedi oýun oýnadylar. Karlsen ilkinji ikisinde utdy, ýöne Nepomnýaşiý soňraky ikisinde utduranyny yzyna gaýdyp alyp bildi. Taý-breýk hem güýçlini saýlap bilmedi - üç döw deňme-deňlikde tamamlandy. Şondan soň Karlsen tituly paýlaşmagy teklip etdi.

“Bu gün uzaga çekdi. Biz köp oýnadyk. Oýny dowam etdirmek çenden aşa boljakdy. Ýeňşi paýlaşmak dogry karar boldy. Tomaşaçylar, elbetde, ikimiziňem ýadawdygymyza we degnamyzyň dartylandygyna düşündiler. Gelnen karar bilen kä adam ylalaşsa, käsi ylalaşman biler "- diýip, norwegiýaly grossmeýster düşündirdi.

FIDE-iň prezidenti Arkadiý Dorkowiç bu teklibi goldady we küştçüleriň ikisi-de altyn medal aldy. Kümüş medal hiç kime gowşurylman galdy.
Nepomnýaşiý garşydaşynyň kararyna geň galandygyny boýun aldy. “Meniň pikirimçe, şu günki karardan soň halkara federasiýasy ýeňijini kesgitlemek üçin armageddony yzyna getirmeli bolsa gerek. Ýöne men bu barada iňirdemek islämok "- diýip, russiýaly türgen belledi.

Zenanlaryň ýaryşynda hytaýly Szýuý Wenszýun finalda watandaşy Leý Tinszeden üstün çykyp ýeňiji boldy.
Ondan öň Nýu-Ýorkda geçirilen çalt oýnalýan küşt boýunça dünýä çempionatynda 18 ýaşly russiýaly küştçi Wolodar Murzin ýeňiji bolupdy. Karlsen dress-kody bozanlygy sebäpli şol çempionatdan aýrylypdy. Ol ýaryşa jinsi geýip gelipdi. Bu wakadan soň FIDE düzgünleri biraz ýumşatmak kararyna geldi we norwegiýaly küştçä ýaryşlara gatnaşmagyny dowam etdirmäge rugsat berildi.

düýn 22:55
1.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
8.3k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....