Türkmenistanda «Sport fotožurnalistikasy» atly okuw gollanmasy neşir edildi

  • 31.12.2024 22:27
  • 5.3k+

Türkmenistanda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylym bölüminiň başlygy Şamuhammet Nepesowyň taýýarlamagynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Sport fotožurnalistikasy» atly okuw gollanmasy neşir edildi.

Okuw gollanmasy sport žurnalistikasy hünärinde bilim alýan talyp ýaşlara sport fotožurnalistikasynyň aýratynlyklaryny öwretmegi maksat edinýär. Sport ugrundan makalalary ýazmagyň, olary surat bilen bezemegiň ýollaryny salgy berýär. Sport fotožurnalistikasynyň görnüşlerini düşündirýär. Şonuň ýaly-da, sport fotohabarlarynyň türkmen gazet-žurnallarynda berlişini seljerýär.
Sport žurnalistikasy hünärinde bilim alýan talyp-ýaşlaryň sport fotožurnalistikasynyň aýratynlyklaryny ýokary derejede ele almaklaryny gazanmak, olara sport fotosuratlaryny taýýarlamak, metbugat neşirlerinde fotosuratlary ýerleşdirmegi öwretmek, sport fotožurnalistiniň işleriniň köptaraplylygyny, şeýle-de ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň we daşary ýurtlaryň fotožurnallarynyň üsti bilen sport suratlaryny, kadrlaryny içgin seljermegi öwretmek – bu dersiň esasy maksady bolup durýar.
Okuw gollanmasy girişden, “Sport fotožurnalistikasy dersiniň maksady we wezipeleri”, “Fotografiýanyň döreýiş taryhy”, “Fotožurnalistikanyň taryhyndan umumy maglumat”, “Fotožurnalistika türkmen metbugatynda”, “Türkmen metbugatynyň taryhyndan”, “Sportuň adamzat jemgyýetinde tutýan orny”, “Sport – fotožurnalistikanyň bir ugry hökmünde”, “Sport bilen bagly ilkinji gazet-žurnallar”, “Türkmen sport fotožurnalistleri”, “Sport fotožurnalistine kömek: sport ýaryşlaryndan nähili surat almaly?”, “Sportuň görnüşlerine görä surata almagyň aýratynlyklary”, “Internet we sport fotožurnalistikasy”, “Sport fotožurnalistikasynyň žanrlary”, “Fotodükanlar. Olaryň metbugatda we internet saýtlarynda ulanylyşy”, “Sport fotožurnalistikasy we etika” atly bölümlerden hem-de peýdalanylan edebiýatlardan ybaratdyr.


düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......