“Bawariýanyň” klub muzeýinde Harri Keýniň baýraklary bilen ekspozisiýa peýda boldy

  • 31.12.2024 13:33
  • 4.5k+

Mýunheniň Bawariýasynyň klub muzeýinde Harri Keýniň toparyň düzüminde geçiren ilkinji möwsüminde gazanan baýraklaryna bagyşlanan täze ekspozisiýa peýda boldy.

“Alýans-Arena” stadionyndaky muzeýde Keýne Ýewropa ligalarynda iň gowy bombardir ady üçin berlen “Altyn butsy”, Bundesliganyň iň gowy goleadory ady üçin baýrak we geçen möwsümiň Çempionlar ligasynda iň köp gol üçin berlen baýrak ýaly kuboklary görmek bolýar.
Harri Keýn öz täsirleri bilen sosial ulgamda paýlaşdy.

“Bawariýadaky” ilkinji möwsümimde gazanan baýraklarymyň käbiriniň “Alýans-Arenadaky” klub muzeýinde goýlandygyna buýsanýaryn. Men we maşgalam Mýunhende özümizi öýde ýaly duýýarys, şonuň üçin size minnetdar! Uly 2025-nji ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!” – diýip, Keýn ýazdy.


düýn 17:32
3.4k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
6.7k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.1k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

01.06.2026 19:25
5.8k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....