Magnus Karlsen jinsi sebäpli rapid boýunça dünýä çempionatyndan çetleşdirildi

  • 29.12.2024 15:51
  • 10k+

Dünýäniň birinji küştçüsi, norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen dress-kod düzgün bozulmasy üçin rapid boýunça dünýä çempionatyndan diskwalifikasiýa edildi. Bu barada The Guardian habar berýär.

Munuň sebäbi türgeniň ýaryşyň düzgünleri tarapyndan gadagan edilen jinside gelmegi boldy. Karlsen baş eminiň talabyny ýerine ýetirmekden we eşigini çalyşmakdan ýüz öwürdi, şol sebäpli dokuzynjy raunddan çetleşdirildi.

“Baş emin oňa düzgün bozma barada duýdurdy, jerime belledi we eşigini çalyşmagyny talap etdi. Gynansak-da, Karlsen boýun gaçyrdy” – diýlip, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) beýanynda aýdylýar. Gurama “çözgüdiň ýüz görmän kabul edilendigini we hemme oýunçylara deň derejede degişlidigini” belleýär.
“Şol gün birneme öň başga bir gatnaşyjy, Ýan Nepomnýaşiý hem sport aýakgabyny geýip, dress-kody bozandygy üçin jerime aldy. Ýöne ol boýun bolup, bellenilen eşige geçdi we ýaryşda oýnamagyny dowam etdirdi” – diýip, guramaçylar aýdýar.

Diskwalifikasiýa sebäpli Karlsen 30-njy dekabrda başlajak blitz boýunça dünýä çempionatyndan hem çekilmek kararyna geldi. Ol federasiýany şeýle düzgünleri üçin tankytlady. Soňrak norwegiýaly “Take Take Take” podkastynda bu waka teswir berdi.

“Düýn agyr gün boldy. Bilýärsiňizmi, men bir oýundan utuldym, ýene-de utulyp bilerdim. Umuman, men gowy oýnamadym, birneme ünslüligimi ýitirdim. <…> Men otagyma girip, eşigimi çalyşmaga zordan ýetişdim, şonuň üçin köýnekçe we ýyly eşik geýdim. Dogrusy, jinsi barada pikir hem etmedim. Men hatda aýakgabymy çalyşdym. <…> Men eşigimi ertir üýtgederin diýip aýtdym... Ýöne olar meniň häzir çalyşmalydygymy aýtdylar, bu meniň üçin esasy mesele boldy, ine-de biz bärde!” – diýip, türgen gürrüň berdi.
“Dogrusyny aýtsam, men alada etmekden eýýäm has garry. Eger bu olaryň isleýän zady bolsa, ähtimal, men howanyň has ýakymly ýerine giderin” – diýip, küşt boýunça dünýäniň 16-njy çempiony belledi.

Rapid we blitz boýunça dünýä çempionaty Nýu-Ýorkda geçirilýär. Rapid boýunça ýaryş 29-njy dekabra geçilen gije tamamlandy. Onda 18 ýaşly russiýaly Wolodar Murzin ýeňiji boldy. Blitz boýunça ýaryş 30-njy we 31-nji dekabrda geçer. Erkekleriň arasyndaky ýaryşyň ýeňijisi 90 müň dollar, zenanlaryň arasynda ýeňiji 60 müň dollar alar. Umumy baýrak gaznasy 1,429 mln dollara barabar.

düýn 22:49
4.4k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
3k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.2k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....