Toyota Camry sedanynyň “ajaýyp” görnüşini hödürledi

  • 28.12.2024 08:35
  • 12k+

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazarynda sport dizaýny we ýokary derejeli enjamlary bilen tapawutlanýan Camry Glorious Edition sedanyny satuwa çykardy.

Mundan ozal biz Brilliant Edition ady bilen hem tanalýan bu modeliň bildiriş edilendigi barada habar beripdik. Täze önüm üç güýç gurluşda elýeterlidir: adaty benzinli hereketlendiriji hem-de 2,0 we 2,5 litrlik tebigy islegli hereketlendirijileriň esasynda iki gibrid.
Modeliň dizaýn aýratynlyklary tutuksy çal reňkde ýerine ýetirilen kuzowyndan, nyşanlary, at ýazgylary we radiator paneli bolsa gara reňkde bolýandygyndan ybaratdyr. Interýerinde welwet we hakyky deri ulanylýar. Atmosferany döretmek üçin bolsa 64 öwüşginli fon yşyklandyrylyşy göz öňünde tutulan.

Awtoulag öňdäki splitter, diffuzor we yzky spoýler ýaly sport elementlerini aldy.
Ýokary tehnologiýaly opsiýalarda goşa 12,3 dýuýmlyk ekran, proýeksiýa ekrany, Dynaudio audioulagmy we panoramaly üçek bar.
Modeliň bahasy 27,8 müň dollardan başlaýar.


şu gün 21:15
65

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....