Lenovo ýygnalýan goşmaça ekranly ilkinji noutbugy hödürlär

  • 26.12.2024 16:23
  • 2.5k+

Lenovo kompaniýasy CES 2025 sergisinde ThinkBook Plus innowasion noutbugyny tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Gurluş bazarda çeýe ýygnalýan goşmaça ekranly ilkinji tapgyrlaýyn noutbuk bolar diýip, VideoCardz portaly habar berýär.

Modeliň konsepti 2023-nji ýylda hödürlendi, ýöne häzir noutbuk köpçülikleýin önümçilige taýyn.
Suratdan görnüşi ýaly, ýygnalan ýagdaýynda ThinkBook Plus adaty noutbugy ýada salýar. Ýöne zerur bolan ýagdaýynda ekrany ýokarylygyna çekip, onuň meýdanyny iki esse ulaldyp bolýar. Şeýle dizaýn, aýratynam, iki penjiräni amatly – birini beýlekisiniň üstünden ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ähtimal, düzüdiň durnuklylygy üçin agramly korpus gerek bolar.
Belläp geçsek, ekranyň aşaky çarçuwasy ýok we bu gurluşa özboluşly görnüş berýär.
Noutbugyň tehniki taraplary heniz belli däl. Modeliň täze Intel prosessorlary bilen enjamlaşdyrylmagy mümkin. Onuň bahasynyň bolsa ýokary bolmagyna garaşylýar.

düýn 17:37
1.6k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......