Madridiň “Realynyň” prezidenti Karlos Alkarasa klubuň atly futbolkasyny sowgat berdi

  • 25.12.2024 10:29
  • 8.4k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Madridiň “Realynyň” atly futbolkasyny sowgat aldy. Dünýäniň üçünji raketkasyna sowgady klubuň prezidenti Florentino Peres tennisçi Ispaniýanyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň “Real” – “Sewilýa” oýnuna baran wagty berdi. Bu oýunda “Real” 4:2 hasabynda utdy.

21 ýaşly Alkaras 2024-möwsüminde ATP-niň dört titulyny, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda – “Rolan Garrosda” we Uimbldonda iki ýeňiş gazandy. Mundan başga-da, tennisçi Parižde geçen Olimpiadanyň kümüş medalyny aldy, finalda ol serbiýaly Nowak Jokowiçden utuldy.
Alkarasyň Australian Open – 2025-den öňdäki ýaryşlara gatnaşmak meýilnamalary barada heniz habar berilmeýär.
Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 18 oýnundan soň ýaryş jedwelinde 40 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......