KFC towukly bedreleriň gapagyny winil plastinkalaryna öwürdi

  • 24.12.2024 16:35
  • 6k+

Tiz tagam restoranlar tory bolan KFC Kanadada towukly bedreleri üçin täze gapaklary hödürledi. Olary winil plastinkalary hökmünde ulanmak bolýar diýip, NME habar berýär.

Bu özboluşly plastinkalarda “We Wish You a Merry Christmas”, “Jingle Bells” we “Deck the Halls” ýaly belli Roždestwo aýdymlary ýaňlanýar.
KFC bu plastinkalaryň adaty kagyz gapaklaryndan edilendigini we olaryň diňe winil bilen örtülendigini belledi.

“Bir wagtyň özünde tagamly iýmit we aýdym-saz bilen baýramçylyk ruhuny dörediň” – diýip, önümiň beýanynda aýdylýar.

Kompaniýa şeýle gapakdan bary-ýogy 10 sanysyny çykarar. Olar Instagram-da KFC Canada sahypasynda bäsleşigiň üsti bilen paýlanar. Ýöne oňa diňe Kanadanyň ýaşaýjylary gatnaşyp biler.


28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

21.05.2026 13:01
8.3k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.04.2026 15:16
3.5k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....