Warner Bros. kompaniýasy “Supermen” filminiň ilkinji tizer-treýlerini paýlaşdy. Jeýms Gannyň täze filminde Klark Kentiň ýaşlygy we ähli döwürleriň iň meşhur super gahrymany hökmünde syýahatynyň başlangyjy barada gürrüň berler.
Bu gahrymanyň keşbini Dewid Korenswet (“Ýönekeý”(“Элементарно”)), Lois Leýniň keşbini Reýçel Brosnahen ýerine ýetirer (“Ajaýyp hanym Meýzel”). Suratçy Jimmi Olseniň keşbini Skaýler Jizondo (“Süýji Pitsa”), “Telbe Maks: Gazap ýoly” filmi boýunça tanalýan Nikolas Houl bolsa esasy zalymyň keşbini janlandyrar.
Film kinofranşizanyň wakalaryny doly täzeden açjak täze DC kino äleminiň başlangyjy bolar. Häzirki wagtda taslama Jeýms Gan bilen Piter Safran ýolbaşçylyk edýär.
Film 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýäniň kinoteatrlarynda görkeziler.