“Formula-1” toparlarynyň düzümi üýtgetdi: Werstappen täze ýoldaş aldy

  • 22.12.2024 01:57
  • 1.8k+

“Red Bull” topary “Formula-1-iň” täze möwsüminde Maks Werstappeniň täze ýoldaşynyň täze zelandiýaly ýaryşa gatnaşyjy Liam Louson boljakdygyny habar berdi. Ol Awstriýanyň toparyny terk edýän Serhio Peresiň ornuny eýelär.

Geçen möwsümde Louson “RB-niň” düzüminde çykyş etdi. Ol 2019-njy ýylda “Red Bulluň” ýaşlar programmasyna goşuldy we 2023-nji ýylda Niderlandlaryň Gran-prisinde “Alfa-Tauride” ilkinji gezek çykyş etdi, ol şikes alan Daniel Rikkardonyň ornuny çalyşdy. Soňky möwsümde iki toparda-da ätiýaçdaky sürüji boldy.
Meksikaly Serhio Peres “Red Bullda” 2021-nji ýyldan bäri çykyş edip, bu döwürde 282 Gran-prä gatnaşyp, alty gezek ýaryşlarda ýeňiji boldy we 39 gezek münbere çykdy. 2024-möwsümini Peres şahsy sanawda 152 bal bilen sekizinji orunda tamamlady. Şahsy sanawda Werstappeniň ýeňiji bolandygyna garamazdan, Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” topary ýeňdi, “Red Bull” “Ferrariden” hem yza galyp, üçünji orny eýeledi.
Üýtgeşmeler “Formula-1-iň” beýleki toparlarynda-da bolup geçdi. Şeýlelikde, 35 ýaşly finlýandiýaly Waltteri Bottas “Kik Zauberden” gidenden soň, ätiýaçdaky sürüji hökmünde “Mersedese” dolanýar.

“Soňky birnäçe ýylyň kynçylyklaryna garamazdan, men Formula-1 üçin ýene köp iş etmelidigimi bilýärin” – diýip, Bottas belledi.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....